KITAPHANALAR

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET KITAPHANASY

2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze gurlan binalar toplumy – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi ulanylmaga berildi. Ak mermerli bu ajaýyp bina üç toplumdan ybarat bolup, olaryň biri Döwlet kitaphanasynyň binasydyr.

Döwlet kitaphanasynyň täze binasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmek, 6 mln. gowrak neşir önümlerini aýawly saklamak, kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak üçin mümkinçilkler, hünärmenleriň işlemekleri üçin şertler bar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler, hususan-da ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işine öz täsirini ýetirýär we olaryň işini täzeçe guramagyň depginleriniň yzygiderli güýçlendirilmegini talap edýär. Döwletiň ösmeginde, özgermeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary we gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň raýatlaryny bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, watanperwerlik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.

Düzümi we mazmuny örän baý bolan kitaphana hazynasyny bir asyrdan-da gowrak wagtyň içinde özünde jemläp gelýän ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy öz öňünde goýlan maksatlary talaba laýyk we ýokary derejede guramak boýunça tutanýerli işleri alyp barýar.

Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkez bolmak bilen Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde durmuşa geçirilýän Bitewi Elektron Kitaphana Ulgamynyň dolandyryjy merkezine öwrüldi.

 

 TÜRKMENISTANYŇ B.AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznahanasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär.

Kitaphanada kataloglar ulgamy döredilýär, ýaş okyýjylaryň okaýşyna ýolbaşçylyk etmegi gowulandyrmak maksady bilen köp çäreler amala aşyrylýar.

        Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, kitaphananyň işi täze many-mazmuna eýe bolýar. Işiň esasy ugurlary türkmen halkynyň ruhy mirasyny, onuň taryhy geçmişini, milli däp-dessurlaryny wagyz etmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watançylyk duýgusyny terbiýelemeklige gönükdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy iri medeni ojaklaryň

biri bolup, çagalar we ýetginjekler bilen işlemek boýunça usuly merkez bolup durýar. Kitaphana görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak, neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin taýýarlanylýan ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirlere, çeper edebiýata,

döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga çekmek babatdaky esasy işini guramaga täzeçe çemeleşmek işini amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlary we mekdep okuwçylary üçin döredýän şertleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde möwsümleýin guralýan dynç alyş çärelerinde kitaphananyň hünärmenleri öz wezipesine girýän işleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek iş ugurlarynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, bu çäreleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde olaryň okyjy toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen guramagy däbe öwürdi.

 

TÜRKMENISTANYŇ KÖRLER WE KERLER ÜÇIN KITAPHANASY

Kitaphana 1990-njy ýylda işe başlaýar.

Kitaphananyň 3 şahamçasy we 1 kitap beriş nokady bar. Olar Baýramaly, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat şäherlerinde ýerleşýär.

Kitaphana görmek we eşitmek mümkinçilikleri çäklendirilen, görüş we eşidiş taýdan şikesli raýatlara hyzmat edýän ýeke-täk kitaphanadyr. Kitaphana medeni aň-bilim, ylmy-habar beriş, kitaphana-bibliografiýa habarlaryny toplaýjy, utgaşdyryjy we ýaýradyjy merkez bolmak bilen, ýurdumyzyň bitewi kitaphana hazynasynyň ýöriteleşdirilen görnüşiniň esasy saklawhanasydyr. Kitaphana döwletimiziň saglyk ýagdaýy çäklendirilen raýatlaryna mugt kitaphana hyzmatyny guraýar.

Kitaphananyň kitap hazynasy tekiz çap edilen neşirlerden, güberçek-nokatly (брайл) elipbiýinde çap edilen kitaplardan, seslendirilen kitaplardyr, seslendirilen žurnallardan  ybarat. Kitaplar türkmen we rus dillerindedir. Kitaphana adaty kitaphanalardan tapawutlylykda, neşir önümleriniň ses ýazgylaryny hem öz hazynasynda jemleýär. Bu görnüşli kitaplara “gürleýän kitaplar” diýilmek bilen, olar häzirki zaman maglumat göterijilerinde saklanylýar.

 

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ MERKEZLEŞDIRILEN KITAPHANALAR ULGAMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Watanmyzyň düýpli özgertmelerini, gazananlaryny,  belent sepgitlerini döwrebap usullaryň üsti bilen wagyz etmekde,  halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap aýawly  saklamakda  gelljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleri amala aşyrýan Merkezleşdirilen Kitaphanalar Ulgamynyň  häzirki wagtda 1 merkezi, 21 sany kitaphana  şahamçasy giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýär.

Merkezleşdirilen Kitaphanalar Ulgamynyň  Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy medeni ojaklaryň biri bolup, hereket edýän kitaphana şahamçalarynyň usuly merkezi bolup durýar. Kitaphana görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça kitaphana şahamçalaryny neşir önümleriniň dürli görnüşleri, ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirler, usuly gollanmalar, kitaphana işiniň esasy ugurlaryna degişli resminamalar bilen üpjün etmek, okyjylaryň okamaga höwesini artdyrmak we olary okamaga çekmek babatdaky döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek boýunça usuly kömek bermek işini amala aşyrýar.

Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada  häzirki wagtda şu aşakda görkezilen bölümler  hereket edýär:

Kitap saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi;

Edebiýatlary toplamak we işlemek bölümi;

Syýasy jemgyýetçilik bölümi;

Usuly kitapnama bölümi.

  

AHAL WELAÝATYNYŇ KITAPHANASY

Ahal welaýat kitaphanasy 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda welaýat kitaphanasy hökmünde täze döredildi.

Welaýatda merkezi kitaphananyň döredilmegi bu sebitiň kitaphanalarynyň maksatlaýyn işini utgaşdyrmaga, welaýatyň kitaphanalarynyň guramaçylyk, usuly işlerini ýokarlandyrmaga, welaýatda kitaphana işini guramagy merkezleşdirilen usullarda ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Kitaphana 2015-nji ýylda ýörite gurlan täze bina, Änew şäheriniň merkezinde gurlan Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet merkeziniň edara binasyna göçürildi.

Ahal welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli 28 sany kitaphana hereket edýär.

 

BALKAN WELAÝAT KITAPHANASY

Balkan welaýat kitaphanasynyň täze binasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 7-sine dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 12 müň 150 inedördül metr. Binanyň beýikligi 45 metr, ini 50 metr, gapdal uzynlygy 115 metr. Kitaphana 6 gatdan (ýerzemin gaty bilen 7) ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 360 okyja hyzmat etmek mümkinçilikleri döredilen, kitaphanada 6 sany umumy okalga zallary bar.

Kitaphananyň esasy baýlygy bolan neşir önümlerini degişli derejede saklamak üçin niýetlenilen häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän uly gaznahana, häzirki zaman tehniki enjamlary oturdylan, rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary bar. Kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan, kitaphananyň täze binasynda 70 orunlyk 4 sany umumy okalga zallary, 30 orunlyk enjamlaşdyrylan kompýuter zaly, çagalar üçin oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty hazyna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen, onuň 1-nji gatynda ýaşulular üçin aýratyn okalga, 125 orunlyk mejlisler zaly göz öňünde tutulan.

Okyjylar üçin niýetlenen okalga zallary, şeýle-de hünärmenleriň iş otaglary, kitaplary elektron hem-de adaty kartoçkaly görnüşde hasaba almak üçin kataloglaryň göz öňünde tutulan ýerleri arassa we ýagty edilip ýerleşdirilen, kitaphananyň 2-nji gatynyň merkezinde “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi bar, bu gatda okyjylar üçin 40 orunlyk internet otagy hem göz öňünde tutulan, binanyň degişli gatlarynda ýörite enjamlaşdyrylan çaphana, fotolaboratoriýa, neşir önümleriniň aýratyn we ýörite görnüşlerini okamak hem-de ses ýazgylaryny diňlemek üçin lingafon otagy, neşir önümlerini rejelemek we gaýtadan dikeltmek bölüminiň iş otagy, kitaby jiltlemek we täze durkuna getirmek üçin enjamlaşdyrylan otaglar bar.

Kitaphananyň 6-njy gatynda kitaphanada ýerleşdirilen obserwatoriýa bar. Kitaphananyň bu gatynda açylyp-ýapylýan gümmez, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman kompýuter enjamlary we Awstriýa Respublikasynda öndürilen teleskop oturdylan otag bar. obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak bolýar.

Balkan welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli 37 sany kitaphana hereket edýär.

 

 

DAŞOGUZ WELAÝAT KITAPHANASY

Daşoguz welaýat kitaphanasynynyň täze binasy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň binagärlik nusgasynyň, şäheriň çäklerinde ýerleşýän beýleki desgalardan tapawutly bolmagy, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan şäher-gurluşyk maksatnamasynyň düzüminiň köpugurly bolmagy bilen şertlendirilýär we bu kitaphananyň täze binasynyň binagärlik çözgüdiniň milli aýratynlyklary hem-de gurluşyk ulgamynyň häzirki zaman talaplaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 2 gektardan gowrak bolup, binanyň beýikligi 42,5 metr, ini 43 metr, gapdal uzynlygy 104 metre barabardyr. Kitaphana ýerzemin gaty bilen bilelikde 8 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 600 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, kitaphananyň 8 sany umumy okalga zallary bar.

Kitaphananyň täze binasynda kitap hazynasynyň talaba laýyk saklanylmagy, şol sanda seýrek neşirleriň goralyp saklanylmagy üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulan.

Binada häzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan çaphana, rejeleýiş we dikeldiş bölümi, neşirleri arassalamak işlerini geçirmek üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary, fotolaboratoriýa, elektron kitaplary okamak we elektron katalogyň üsti bilen gözleg amallaryny ýerine ýetirmek üçin häzirki zaman sensor enjamlary oturdylan.

Kitaphanada 20 orunlyk internet zaly, enjamlaşdyrylan 20 orunlyk kompýuter otagy, çagalar üçin 20 orunlyk oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty hazyna üçin gaznahanalar göz öňünde tutulan, kitaphananyň 1-nji gatynda 100 orunlyk mejlisler zaly, şeýle-de “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi bar.

Kitaphananyň gatlarynyň hersinde jemi 8 sany umumy okalga zallary bar, her okalga zaly 64 okyja niýetlenen, okyjy zallary kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen, şeýle-de hünärmenleriň iş otaglary, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen.

Kitaphananyň ýokarky gatlarynda hünärmenleriň iş otaglary, 7-nji gatda Obserwatoriýa ýerleşýär, kitaphananyň gümmezi açylyp-ýapylýar, onda obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy bolup, häzirki zaman kompýuter enjamlary, Germaniýa Respublikasynda öndürilen Teleskop enjamy oturdylan.

Daşoguz welayatynda ministrligin garamagyna degişli 43 sany kitaphana hereket edyar.

 

LEBAP WELAÝAT KITAPHANASY

Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.

Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasy bagtyýarlyk döwri içinde Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen medeni maksatly binalaryň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Kitaphananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binasy şäheriň görküne görk goşup, özüniň binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar.


Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 11 müň 461 inedördül metr. Binanyň beýikligi 30 metre barabar, ini 60 metr, gapdal uzynlygy 60 metr. Kitaphana 3 gatdan ybarat. Kitaphanada 3 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 450 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, kitaphananyň 10 sany umumy okalga zallary bar.

Bu medeni ojakda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Kitaphanada 30 orunlyk 3 sany, 25 orunlyk 1 sany umumy okalga zallary, 10 orunlyk internet zaly, çagalar üçin oýun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty hazyna üçin gaznahanalar we elektron katalogyny hem-de adaty kataloglary ýerleşdirmek üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan.

Kitaphananyň okalga zallary, ýörite bölümler hem-de hünärmenler üçin nietlenilen iş otaglary, şeýle hem kitaphananyň ýolbaşçy düzümi üçin iş otaglary döwrebap görnüşde ýerleşdirilen, bu iş otaglarynyň ýanaşyk ýerinde 250 orunlyk mejlisler zaly, kitaphananyň neşirleri jiltlemek we gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenen ussahanalar, şeýle-de “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi ýerleşdirilen.

Kitaphananyň ýokarky gatynda özi açylyp-ýapylýan gümmez bolup, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen kompýuter otagy göz öňünde tutulan, obserwatoriýada Germaniýa Respublikasynda öndürilen teleskop oturdylan. Obserwatoriýa otagynda teleskopyň we kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen.

Lebap welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli 53 sany kitaphana hereket edýär.

  

MARY WELAÝAT KITAPHANASY

2011-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda  Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 13 müň 700 inedördül metr. Binanyň beýikligi 42 metr, ini 66 metr, gapdal uzynlygy 66 metr.

Binanyň ýerzemin gatynda kitaphananyň esasy baýlygy bolan neşir önümlerini saklamak üçin niýetlenilen 3 million neşir birligi ýerleşer ýaly uly gaznahana bar. Şeýle hem kiçi çaphana, rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary bar.

1-nji gatda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Bu gatda jemi 5 sany zal bolup, olaryň üçüsi umumy okalga zallary, iki sanysy ýörite okalga zallarydyr. Şeýle hem 1-nji gatda 20 adamlyk internet otagy, 20 adamlyk çagalar otagy, Gündogar äheňinde, milli ruhda bezelen, aksakgal ýaşulular üçin niýetlenilen aýratyn okalga zaly, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty hazyna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen.

2-nji gatda okyjylar üçin niýetlenen jemi 6 sany okalga zaly bolup, olaryň dört sanysy uly we iki sanysy ýöriteleşdirilen okyjy zallarydyr. Şeýle hem, 2-nji gatyň merkezinde “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi ýerleşdirilen.

Kitaphananyň üçegi 26 metr beýiklikde bolup, açylyp-ýapylýan gümmezli, obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy hem-de häzirki zaman kompýuter enjamlary we Germaniýa Respublikasynda öndürilen agramy 3,5 tonnalyk teleskop enjamy oturdylan otag bar. Obserwatoriýa otagynda kompýuterleriň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen, şeýle hem bu otag planetariý üçin niýetlenilen.

Mary welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli 44 sany kitaphana hereket edýär.