KITAP-PAÝHAS ÇEŞMESI

Türkmen halkymyz paýhas çeşmesi bolan kitaba irki döwürlerden bäri gadyr-gymmat goýup gelipdirler. Ruhy atamyz Magtymguly hem kitaba uly sarpa goýup: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Belli ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda Welmyrat aga Magtymgulynyň kitabyna baha kesip, onuň her bir sözüniň köşekli düýä degýändigini nygtaýar. Gadymyýetiň älem-jahana ýaň salan şäheri bolan Merwde bir mahallar ýigrimä golaý kitaphana bar eken. Emma olar ýakyp-ýandyrylyp, Çingiz hanyň ganly ýöreişleriniň pidasy bolupdyr.

         Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Garaşsyz, Baky berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda hem ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdymyzda medeniýeti, sungaty, milli edebiýatymyzy ösdürmege hem giň ýol açyldy. Medeniýet ulgamynda ösüp gelýän ýaş nesli Watana wepaly adamlar edip terbiýelemekde, raýatlarymyza döwrebap ahlak terbiýesini bermekde, olary dünýä täzelikleri bilen tanyşdyryp durmak kitaphanalaryň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Bu ugurda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki merkezi kitaphanasynda hem döwrebap işler alnyp barylýar.

Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki merkezi kitaphanasynda halkymyza kitaphana hyzmatyny göwnejaý ýola goýmakda baý iş tejribesi toplandy. Ýurdumyzda bellenip geçilýan senelere bagyşlap kitap sergileri, okyjylar bilen edebiýat agşamlary, söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler geçirilip durulýar. Kitaphana täze okyjylary çekmek üçin biz kitaphanaçylar ýygy-ýygydan etrabyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanalarynda bolýarys. Hormatly ýaşulularymyzyň isleg bildirýän neşirlerini öýlerne eltip bermegi hem ýola goýduk. Etrapdaky mekdep kitaphanalary bilen aragatnaşyk saklaýarys. Kitaphanaçylar bilen okuw maslahatlaryny geçirýäris.

Adaty kitaplar bilen deňeşdirilende, elektron kitaplaryň birnäçe artykmaçlygy bar. Ol ýazylan maglumatlary ses bilen üpjün etmekden, wideo ýazgylara ýerleşdirmekden, animasiýanyň üsti bilen düşündiriş geçirmekden ybaratdyr. Elektron kitaplary ýaş neslillerimize döwrebap bilim bermäge, öwrenilýän maglumatlary kämilleşdirmäge, olary çalt öwrenmäge ýardam berýär. Elektron görnüşli kitaplarda wideo, ses we animasiýa mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň netijesinde özleşdirilýän maglumatlarynyň hemmesini ýatda saklamak bolýar.

Biz Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzda kitaphana ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, halkymyza edilýän kitaphana hyzmatyny gowlandyrmakda mundan beýläk-de, tutanýerli zähmet çekeris. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Maral GURBANOWA,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň

Altyn asyr şäherindäki Merkezi

kitaphanasynyň müdiri.