HASABAT KONSERTLERI GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň “Watanymyň ýüregi gözel Aşgabat!” ady bilen hasabat konserti geçirildi. Konsertde türkmen hem-de daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň döreden ajaýyp eserleri ýerine ýetirildi.

Hasabat konsertiniň dowamynda ýaňlanan eserleriň içinden Daňatar Hydyrowyň “Dünýäde Arkadag”, Amanmyrat Çaryýewiň “Bagtyýar zaman”, Gülnabat Ahmedowanyň “Watanym” ýaly eserleri döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän eserler bolup ýaňlandy. Ýaş nesilleriň öz hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda mähribän Arkadagymyz özüniň atalyk aladalaryny durmuşa geçirýär. Bu günki ýaşlaryň görkezen ajaýyp çykyşlary Arkadagymyza alkyşnama bolup ýaňlandy – diýip, aýdyp bileris.