HASABAT KONSERTI

Golaýda Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly konsert zalynda professor-mugallymlaryň, şeýle hem talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Hasabat konserti geçirildi. Ilkinji gezek ýerine ýetirilen käbir eserler oturan diňleýjiler üçin hoşamaý we garaşylmadyk sowgat boldy. Konsert konserwatoriýanyň uçurymy M.Annamyradowyň Simfoniýasynyň bölümi bilen açyldy, ony Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor O.Igamowyň ýolbaşçylygynda Halk saz gurallary orkestri ýerine ýetirdi. Dabaraly agşamda 1-nji ýyl talyp Ş.Batyrow tarapyndan Suhan Tüýliýewiň “Näzigiň lälesi” atly eseri ýerine ýetirildi. Bu eseriň awtory milli heňiň äheň, perde, kakuw aýratynlyklaryny häzirki zaman ýazuwynyň üsti bilen dürli usullara-da utgaşdyrýar. Konsertiň dowamynda simfoniki orkestriň çalmagynda ýaş kompozitor Selbi Nyýazowanyň “Köňül” baletinden parçalary hem ýerine ýetirildi.

Sazly agşamyň beýleki çykyşlary nusgawy türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň tanymal eserlerinden ybaratdyr. Talyplar A.Muhyýewa (skripka), F.Ýomudowa (skripka), J.Soltanowa (alt), Ş.Taýjanowa (wiolonçel) ussatlyk bilen A.Wiwaldiniň “Ýyl pasyllary” toplumyndan “Tomus” atly eseri ýerine ýetirdiler. Konserwatoriýanyň  simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde D.Öwezowyň, A.Şapoşnikowyň, N.Muhadowyň, P.Çaýkowskiniň, S.Rahmaninowyň operalaryndan wokal we instrumental parçalary ýerine ýetirildi. Olar talyplar F.Ýomudowanyň, B.Japarowyň, G.Mämmedannaýewanyň dirižýorlygynda, konserwatoriýanyň mugallymlary Meýlis Myratgeldiýewiň, Aman Amanowyň, şeýle-de talyp B.Sapardurdyýewiň ýerine ýetirmekliginde ýaňlandy.

Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň we simfoniki orkestriniň ilkinji gezek ýerine ýetirilişinde kompozitor M.Mämmetjumaýewanyň “Oda” eseri bilen dabaraly we ruhy galkyndyryjy  ýagdaýda tamamlandy.