HALYPANYŇ MUZEÝI DÖREDILDI

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge taýsyz goşant goşan halypalara aýratyn sarpa goýulýan döwürdir. Üstümizdäki ýylyň 2-nji martynda Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň adynyň dakylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu sungat ussadynyň muzeýiniň döredilmegi bolsa sungat älemine täze röwüş çaýan wakadyr. 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň açylyş dabarasy boldy.

Bu dabara ýurdumyzyň sungat ussatlary, Maýa Kulyýewa adyndaky tükrmen milli konserwatoriýasynyň halypa professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary we ençeme myhmanlar gatnaşdylar. Muzeýde Maýa Kulyýewanyň şanly wakalara baý terjimehalyna uly orun berilýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň geçmiş taryhy, bagtyýarlyk döwrümizdäki uly ösüşleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem uly mümkinçilik döredilipdir. Şeýle hem bu muzeýde halypanyň döredijilik we ömür ýoluny şöhlelendirýän dürli gymmatlyklar, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa iberen gutlaglary, halypa ussadyň gatnaşmagynda türkmen teatrynda dürli ýyllarda sahnalaşdyrlan operalaryň notalary hemde ussat opera aýdymçysynyň döredijiligine bagyşlanyp ýazylan gazet-žurnallardaky makalalar, Maýa Kulyýewanyň gatnaşmagynda dürli ýyllarda sahnalaşdyrylan milli we daşary ýurt peýesalarynyň, kinofilmiň, ussat aýdymçynyň ömri we döredijigi barada gürrüň berýän dokumental filimleriň, telegepleşikleriň ýazgylary saklanylýar. Şeýle hem halypanyň dürli ýyllarda mynasyp bolan döwlet sylaglary görkezilýär.

Muzeýiň diwarlaryny Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň sungat we durmuş ýoluny suratlandyrýan dürli ýyllarda düşürilen fotosuratlar bezeýär. Muzeýiň merkezinde bolsa, ussadyň uzak ýyllaryň dowamynda maşgalasynda ulanan öý goşlary, gap-gaçlary, geýen lybaslary, dakynan şaý-sepleri görkezilýär. Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň döredilmegi bagtyýarlyk döwrümizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalarmyza döwletimiz tarapyndan goýulan belent hormatdyr. Ýurdumyzda ussatlygy bilen tanalýan halypalaryň adyny belende galdyrýan Hormatly Arkadagymyzyň jany sag başy dik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!