HALYPANYŇ HORMATYNA

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň skripka mekdebiniň esaslandyryjysy, ajaýyp sazanda we mugallym Nikolaý Artemýewiç Amiýansyň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý konserti uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Nikolaý Artemýewiç Amiýans – Türkmenistanyň häzirki zaman saz medeniýetiniň görnükli wekilleriniň biridir. Halypa sazanda bütin ömrüniň dowamynda skripka mekdebini halk sungaty bilen baglanyşdyryp, onuň däplerini kämilleşdirip geldi. Halypanyň bütin ömrüniň manysyna beslenen zähmetsöýerlik, hünär ussatlygy, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri oňa kärdeşleriniň we talyplarynyň arasynda uly abraý getirdi. Täze döwrüň ýerine ýetirijilik mekdebiniň emele gelmegine saldamly goşandyny goşan Nikolaý Artemýewiçiň elinde 200-e golaý görnükli döwürdeş sazandalar we mugallymlar terbiýelendi. Häzirki wagtda onuň şägirtleri Türkmenistanda, Russiýada, Ermenistanda, Gazagystanda, şeýle-de ABŞ-da, Fransiýada we Germaniýada işleýärler.

Konsertde Türkmen milli konserwatoriýasynyň, şeýle hem D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaraly baýramçylyk agşamy Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy T.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde M.Raweliň we G.Gendeliň  eserleri bilen jemlendi.