HALYPANYŇ HATYRASYNA BAGYŞLANAN DABARA

Şu gün Türkmen milli konserwatoriýasynda “Owaz etse Annageldiniň gyjagy” ady bilen Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, meşhur gyjakçy, mukamçy kompozitor Annageldi Jülgäýewiň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, ýatlama dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary orkestri Annageldi Jülgäýewiň “Ýaşlara salam” diýen ilkinji sazyny ýaňlandyrdy. Sazyň dowamynda bolsa, şahyr Geldi Bäşiýewiň “Owaz etse, Annageldiniň gyjagy” atly goşgusy okaldy. Mundan başga-da, halypanyň “Ýara garaşýan”, “Ýaýnadyň gözel” ýaly eserleri ýerine ýetirildi we ussat gyjakçynyň ömri-döredijiligine degişli gyzykly arhiw wideo ýazgylary görkezildi. Şeýle hem, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary, Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew, Muhammetdurdy Muhammetnyýazow, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Baýram Jütdiýew, Hudaýberdi Diwangulyýew dagy halypanyň manyly geçen ömri we döreden aýdym-sazlary barada gyzykly ýatlamalary gürrüň berdiler.