HALYPALARYŇ ÝOLY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý mirasynyň ajaýyp nusgalaryny, ýokary ahlaklylyga ýugrulan ýol-ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny we milli toý-baýramlaryny, olaryň gelip çykyş taryhyny, kämilleşiş etaplaryny öwrenmek, wagyz etmek döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biri bolmaklygynda galýar.

Şu asylly däplere eýerip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Daşoguz welaýatynda ýaşap geçen meşhur dessançy bagşylar Nazar baga, Magtymguly Garlyýew, Akjagül Myradowa, Bally Mätgeldiýew dagynyň, şeýle hem Balkan welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdürowyň ömri we döredijiligine bagyşlap, “Halypalaryň mekdebi – halkyň ruhy myrasydyr“ ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu halypalaryň atlary ýagşylykda ýatlanmaga mynasypdyr, çünki dessançylyk sungatynyň ilkinji kerpiçlerini goýan bu halypalaryň ýaş nesli kemala getirmekde, dessançylyk sungatyny ösdürmekde we biziň günlerimize gelip ýetmeginde bitiren işleriniň sarpasy belentdir.