HALYPA HEÝKELTARAŞYŇ SERGISI

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ösmeginde uly işleri bitirýän halypa suratkeşlerimiziň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýewdir. 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde halypa heýkeltaraş S.Babaýewiň şahsy sergisi açyldy. Sergide S.Babaýewiň dürli ýyllarda döreden heýkeltaraşlyk eserleriniň onlarçasy ýerleşdirildi. Serginiň açylyşyna il sylagly ýaşulular, eneler, halypa sungat ussatlary, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp-ýaşlar gatnaşdylar.

Serginiň açylyşnda çykyş edenler halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden heýkelleriniň türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynda mynasyp ornuny tapandygyny, Saragt Babaýewiň indi köp ýyllar bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy bolup işlemek bilen, ýaşlara halypalyk etmekde, olara şekillendiriş sungatynyň aýratynlyklaryny, inçe tilsimlerini öwretmekde köp işleri alyp barýandygyny, bu günki günde halypanyň heýkeltaraşlyk mekdebini geçen gujurly, zehinli ýaşlaryň ençemesiniň kemala gelendigini aýratyn bellediler.

Saragt Babaýewiň döreden her bir heýkeltaraşlyk eseri ýokary çeperçiligi, kämilligi, milliligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Halypanyň  «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda guran sergisi köp ýyllyk zähmetiniň, giň gerimli döredijiliginiň özboluşly netijesidir.