HALKYMYZYŇ SAZLY GELJEGINIŇ BINÝADY

Aýdym-sazyň dürli häsiýetdäki, özüne maýyl ediji täsirleri onuň diňleýjileriniň üns merkezini eýeleýär. Olaryň häsiýetli aýratynlyklary, kompozitorlaryň döredijilik başarnyklary şol eserleriň ençeme döwürlerde ýaşamaklygyna ýardam berýär. Indi birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saz ugrundan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy şeýle döwrebap, ajaýyp mazmunly eserleri döredýän ýokary hünärli kompozitorlary ýetişdirýär. Konserwatoriýanyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasyna “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi, zehinli kompozitor Meret Annamyradow ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de bu kafedrada Türkmenistanyň halk artistleri Rejep Rejepow, Baýram Hudaýnazarow, Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew, tejribeli mugallym Kerimguly Garowow ýaly ussat halypa kompozitorlarymyz zähmet çekýär. Şu halypalaryň döredijiliklerinden ugur alýan konserwatoriýanyň talyplary hem türkmen saz sungatynyň geriminiň giňemeginde ähmiýetli orny eýeleýärler. Bu günki günde olaryň ýetişdiren şägirtleri ençeme aýdym-saz eserlerini döredip, Watanymyzyň şanly toýlaryna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Kompozisiýa hünäriniň dürli ýyllarynda okap, bilim alýan talyplaryň eserlerinden düzülen döredijilik konserti özüniň ýokary täsirliligi bilen tapawutlandy. Konsert meýilnamasynda talyplar D.Şammyýewiň, Ý.Gulanowyň, M.Sultanowyň, A.Bazarowyň, S.Baýlyýewiň, A.Annaýewiň, T.Tagyýewiň, şeýle-de O.Halylowanyň, T.Şirmämmedowanyň we P.Annaýewiň döreden kamera-instrumental eserleri özleriniň birnäçe saz gurallarynyň sazlaşykly owazlanmagyny gazanmaklary bilen tapawutlandy. Bu döredijilik konsertinde aýdymlara hem uly orun berildi. Saz bilen sözüň özara baglanyşygynda uly many bar. Sözüň mazmunynyň ýakymly täsiri oňa laýyk gelýän saz arkaly has-da ýokarlandyrylýar. Konsertiň dowamynda D.Annamyradowyň, A.Annaýewiň, B.Tagandurdyýewiň döreden aýdymlarydyr romanslary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Aman Agajykow, Nury Halmämmedow, Durdy Nuryýew, Çary Nurymow, Rejep Allaýarow, Rejep Rejepow ýaly dünýä belli ägirtlerden miras galan tejribeler şu günki ýaşlara ýörelge bolup gelýär. şeýle ajaýyp ýörelgelerde taplanan talyplaryň başarnyklaryny aýan eden eserleriň her biri özboluşly ýaňlanyp, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ýokary depginli ösüşlerini dowam edýändigini äşgär etdi. Talyplaryň barha kämilleşýän döredijiliklerinde ussat halypalaryň uly işleriniň miwesini görmek bolýar.