HALKARA SAZ FESTIWALYNYŇ BAÝRAGYNYŇ EÝESI

Aşgabadyň “Arçabil” saz topary ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen “Şark taronalari – 2019” (“Gündogar mukamlary”) atly ХII halkara saz festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Şonda watandaşlarymyz ikinji orny eýeläp, kümüş medalyna mynasyp boldular. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň kalbyna deňeýän türkmen medeniýetiniň iň gowy däplerini dowam etmek meselelerine berýän aýratyn ünsüniň nobatdaky subutnamasy boldy. Festiwalda Türkmenistana paýtagtymyzyň “Arçabil” saz topary wekilçilik edip, onuň aýdymçysy Guwanç Ýazmämmedow öz aýdymlary bilen tomaşaçylary maýyl etdi. Bäsleşigiň ikinji güni festiwalda dutaryň, gyjagyň, tüýdügiň we akkordeonyň owazlary astynda artistlerimiziň ýerine ýetiren halk aýdymlary tomaşaçylar hem-de emin agzalary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.