HALKARA FESTIWALYNDA BIRINJI ORNY EÝELÄN TÜRKMEN TANS TOPARY

Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary Hywa şäherinde geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular.

2017-nji ýylda bu tans dessury ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolan tükrmen topary «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynyň ýeňijisiniň diplomyna mynasyp boldy. Şeýle hem birinji orna Polşadan gelen topar mynasyp boldy. Ikinji orny Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gruziýanyň toparlary paýlaşdylar. Üçünji orna Täjigistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň we Özbegistanyň wekilleri mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş baýragyny Azerbaýjanyň topary eýeledi.

Festiwalyň çäklerinde tans sungatynyň milli däplerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Ol Ürgenç şäherindäki türkmen-özbek dostluk öýünde uly şatlyk-şowhun bilen geçdi. Bu bina 2018-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Festiwal «Içan kala» döwlet muzeý-goraghanasynda geçirilip, ol Aziýanyň we Ýewropanyň 20 ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden çeper döredijilik toparlaryny ýygnady. Bu çäräniň baş maksady halklaryň asyrlar boýy dowam edip gelýän däplerini dikeltmek we baý medeni mirasyny giňden beýan etmek bolup durýar.