GOŞA BAÝRAMA BAGYŞLANAN SERGI

Golaýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Baş kanunym buýsanjym, ýaşyl Tugum guwanjym” ady bilen ýurdumyzyň suratkeşleriniň we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi guraldy. Sergide  nakgaş, grafika eserleriniň, şeýle hem dürli görnüşli şaý-sepleriniň onlarçasy sergilendi. Olary synlan her bir tomaşaçyny  Baş Kanunymyza hem-de mukaddes Baýdagymyza bolan buýsanç duýgusy gaplap alýar.

Ussat suratkeşlerden W. Kudrýaşowyň “Mukaddes Baýdak” atly uly göwrümli eseri, B.Gurbansähedowyň “Deňiz”, B.Karýagdyýewiň ”Türkmen çöregi”, R.Umarowyň “Gülleriň şasy”, G.Rozykulowyň “Altyn asyr”, N.Şatlykgulyýewiň “Ýeke arça”, A.Çakanowanyň “Erkinlik”, O.Akmyradowanyň “Garry Nohur”, P.Annamyradowyň “Barsagelmez”, ”Goturdepe” atly eserleri özleriniň ýokary ýerine ýetirijiligi hem-de täsirliligi bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, goşa toýa bagyşlanylyp guralan bu sergide suratkeşler N.Kalugina hem-de S.Pälwanow dagynyň döreden şaý-sepleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.