GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIV FORUMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Türkmen ylmynyň dünýä derejesinde giňden tanalýan döwründe türkmen medeniýetini hem ylmy esaslarda öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda yzygiderli geçirilip gelinýän halkara ylmy maslahatlarydyr, giňişleýin forumlary görkezmek bolar. Şeýle çäreleriň biri-de, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilen “GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumydyr.

Forum “Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, bilim we ylym ulgamynda söhbetdeşlik” diýlip atlandyrylyp, onuň gün tertibine häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem-de bilelikde işlemekligiň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemek meseleleri girizilipdir. Foruma Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzstan, Moldowa, Täjigistan, Özbegistan, Ukraina hem-de Russiýa ýaly döwletleriň iki ýüzden gowrak görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleri, alymlary, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG)  “Arkalaşygyň ýyldyzlaryny” sylaglamak däbi has-da täsirli boldy. Dürli ýurtlardan bolan ýeňijileriň hatarynda ildeşimiz, meşhur aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň hem bu abraýly baýraga mynasyp bolmagy, türkmen medeniýetiniň dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýandygyndan nyşandyr.

YHDG-niň şeýle bäsleşikleri yzygiderli gurap gelmegi ylym we döredijilik adamlaryny has gowy tanatmak bilen birlikde, ýaşlara hem döredijilikli işlemäge itergi berýär. “Arkalaşygyň ýyldyzlary” atly bäsleşigiň geçirilip durulmagy döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekillerini has ýakynlaşdyrýandygy babatda-da örän ähmiýetlidir.

Forum açylyş dabarasyndan soňra öz işlerini “Arkalaşygyň medeniýeti: söhbetdeşligiň köp ugurly dili”, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda bilim we ylym: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary”, “2019-njy ýyl – GDA-da kitap ýyly” atly üç sany uly bölümçelerde amala aşyrdy. Ondan başga-da, şol gün bu çäräniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwidkoýyň alyp barmaklygynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mowzuk boýunça çykyşlar diňlenildi we Gazagystan Respublikasynyň Şymkent şäheriniň “2020-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi hem-de Türkmenistanyň Baş Drama teatrynda “Dutaryň owazy” atly sahna oýnuna tomaşa edildi.

Forumyň ikilenji güni bölümçeleriň işiniň daşyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Müdirýetiniň mejlisleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy üçin sowgatlyk kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi hem-de “Arkalaşygyň ýyldyzlary” atly baýragyň ýeňijileri ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, teatr işgärleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçdiler we Forumyň ahyrynda GDA-nyň simfoniki orkestriniň konsertine tomaşa edildi.

Forumda GDA-nyň dünýä belli alymlarynyň we sungat ussatlarynyň ylmy dokladlary diňlenildi. Nesip bolsa, ýurdumyzyň medeniýet hem-de ylmy intelligensiýasy bu gelip gowşan ylmy habarlary ylmyň dürli ugurlary boýunça düýpli we töwerekleýin öwrenip, ylym üçin täzelik diýlip hasap edilenlerini durmuşa ornaşdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.