GAZAGYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERINIŇ “BEÝIK SÄHRALARYŇ MIRASY” ATLY SERGISI

Türkmenistanda daşary döwletler bilen halkara medeni aragatnaşyklarynyň ösdürilmeginde giň mümkinçilikler döredilendir. Türkmen halkynyň medeni mirasyny, sungatyny dünýä ýaýmakda we daşary döwletleriň sungatlaryny biziň ýurdumyzda görkezmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda uly işler alnyp barylýar. Şol gatnaşyklaryň netijesinde Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň “Beýik sähralaryň mirasy” atly muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnaldy. Sergide Gazagystanyň Mangistau sebitiniň ýaşaýjylarynyň özboluşly medeniýeti, çeper-bezeg sungaty, däp-dessurlary barada gürrüň berýän gymmatlyklar görkezildi. Sergilenen gymmatlyklary synlan her bir adamda bu halkyň baý taryhy we medeniýeti barada köp maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. Şeýle hem goňşy halkyň türkmen medeniýeti bilen köp meňzeşlikleriniň bardygy we şol meňzeşlikleriň bu iki goňşy döwletleriň arasyndaky gadymdan bäri dowam edip gelýän dostlukly ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň  netijesiniň miwesidigine şaýatlyk edýär.

Sergi esasan, üç bölekden ybarat bolup, “Mangistauyň amaly haşam sungaty” atly böleginde amaly haşam sungatynda gazak halkynyň etnografiýasynyň özboluşly aýratynlyklaryny görmek bolýar. Çarwa halklarynyň esasy gymmatlygy ak öý bolup durýar. Bu sebitiň çeper elli ussatlary ak öýüň içki bezeglerini milli adatlaryna laýyklykda dürli nagyşlar bilen bezäp, şu güne çenli palas we haly önümleriniň dokalyşyny nesilden-nesle geçirip, nusgawy usulyny saklap galypdyrlar. Durmuş hajatlary çarwa durmuşynyň talaplaryna laýyk gelýär. Şoňa görä-de, bu sergide agaçdan, deriden ýasalan gap-gaçlaryň birnäçe görnüşlerini ýagny, süňkden we kümüşsöw demirden nagyşlanyp bezelen “şaýsandyk” – çaý üçin gaplaryň sandygyny, erkekleriň we aýallaryň baýramçylyk lybaslary bolan gyzyl barhatdan tikilip, bezelen kelle gabyny — “börük”, “saukele” hem-de uly ýaşly aýallaryň ýeňi we etegi keşdelenen geýimlerini synlamak bolýar.

“Mangistauyň zergärçilik sungaty” atly böleginde Aktau şäheriniň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň toplumyndan XIX-XX asyryň başlaryna degişli bolan zergärçilik sungatynyň aýratynlyklary görkezilýär. Geçen asyrlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren zergärçilik sungatynyň adatlary häzirki zaman ussalarynyň dowam etdirýändigini hem gymmatlyklaryň üsti bilen görmek bolýar.

“Gazagystanyň tebigaty” atly fotosuratlaryň sergisi böleginde 36 sany foto işleriň içinde Gazagystanyň tebigatynyň ajaýyp künjekleri, Mangistauyň gözel ýerleri, Astana şäheriniň landşafty görkezilýär.