GARGY TÜÝDÜGIŇ JADYLY OWAZY

Gargy we dilli tüýdük öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan gadymy saz gurallarydyr. Tüýdükden ussat halypalarymyz täsin owaz almagyň tärini tapypdyrlar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradow hem ussat bagşy-sazandalaryň zehin-ukyby siňen mukamlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, üflenip çalynýan saz gurallary bolan gargy hem dilli tüýdüklere dil bitirýän sungat ussatlarymyzyň biridir. Tebigy owazlara çalymdaş mukamlary özüne has ýakyn hasaplanýandygy üçin Aşyrmyrat Ýazmyradow çagalygyndan tüýdüge imrinip, ony öwrenip başlaýar. Bu saz guralyna bolan höwesi onuň üçin soňa-baka durmuşynyň bir bölegine öwrülip gidýär. Tüýdügiň owazy köplenç, daşy ýaryp, belent daglardan akyp duran çeşme-çaýlara, sonarly sähralardan öwüsýän mylaýym şemala meňzedilýär. Bu ýöne ýere däl. Sebäbi, olaryň arasynda jana şypa beriji owaz meňzeşligi bilen birlikde ynsan kalbyna lezzet berýän, teşne köňülleri gandyrýan meňzeşlik bar. Aşyrmyrat Ýazmyradow köp sanly tüýdükçilere halypalyk edýär. Dürli saz gurallarynyň gapdalynda ýerine ýetirilýän ýanama aýdymlar öz gözbaşyny gargy tüýdükden alyp gaýdýar. Halkymyzyň arasynda gargy tüýdügiň gapdalynda «Çuwal serpen», «Uzuklar», «Meňzär», «Saltyklar», «Döwran ýoluksa», «Hörele gubam» ýaly ençeme halk aýdymlary ýerine ýetirilip gelinýär. Halypalarymyzyň hem hersi özboluşly ýanama aýdymlaryny aýdypdyrlar. Gargy tüýdükde saz çalyp, öz ussatlygy bilen halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Ýazmuhammet köse, Soltan naýçy, Muhammetmyrat tüýdükçi, Meretgeldi tüýdükçi, Allan Rozy, Wellek Gubaly, Hojanazar Berdiýew, Ata Durdyýew, Begmämmet Gurbanow ýaly tüýdükçiler ýüregimizde ýaşaýar. Gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdym aýdan Oraz Salyr, Kiçi Geldimyradow, Nursähet Jumasähedow ýaly ýanamaçy bagşylar we ussat tüýdükçiler milli sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar.