FESTIWALLAR

 

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ WASPY

 

 

 

 

 

 

MEDENI MIRASYMYZ — RUHY HAZYNAMYZ

 

 
TÜRKMEN KEÇESINE BAGYŞLANAN “GÜLÜŇ OWADAN!” ATLY BÄSLEŞIK

 

 

Geliň, rowaýat diňläliň!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Geliň, rowaýat diňläliň!» atly festiwal üstünlikli geçirildi. Ýerine ýetirijiligiň dilden aýdylýan epiki däp-dessurlary-rowaýatlary, kyssalary, ertekileri we aýdymlary aýtmak, saz gurallaryny çalmak dünýä halklarynyň köpüsine mahsusdyr. Türkmen halkynyň özboluşly ýerine ýetirijiligini öz içine alýan kyssaçylyk sungaty bolsa türkmeniň dilden aýdylýan epiki sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu milli sungat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzemany-mazmuna eýe boldy. Türkmen
halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan kyssalary we rowaýatlary, ertekileri ýerine ýetirmek däbi irki döwürlerden bäri ýurdumyzyň ähli ýerinde meşhurdyr. Gadymy mirasly halkymyzyň ýokary ahlak we watansöýüjilik häsiýetleri jemlenen rowaýatçylyk-kyssaçylyk sungaty türkmen halk döredijiliginiň iň ýokary gazananlaryna degişlidir. «Geliň, rowaýat diňläliň!» atly festiwalyň maksady ýerine ýetirijiligiň bu özboluşly ugry boýunça tapawutlanýan halypa kyssaçylaryň döredijiligini çuňňur öwrenmekden, ýerine ýetirijilik sungatynyň, bu täsin ugry boýunça täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, kyssalary ýerine ýetirmegiň welaýat aýratynlyklaryny öwrenmekden, bu sungatyň dowam edip gelýän däplerini  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginli özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzy, eşretli we bagtyýar durmuşymyzy belentden wasp etmekden, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakdan, türkmen milli aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylmagyna biz hemişe möhüm ähmiýet berýäris» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda uly dabara bilen geçirilen «Geliň, rowaýat diňläliň!» atly festiwal kyssaçy bagşylarymyzyň döredijiligini kämilleşdirmekde, milli sungatymyzyň bu özboluşly ugruny çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Festiwalda şowly çykyş edip, aýratyn tapawutlanan kyssaçylara Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.