DUÝGULY DÜNÝÄNIŇ SERPAÝY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň täzeçe röwüş atyp, toý-baýramlarymyza aýratyn öwüşgin çaýmagy, gözbaşy taryhyň çuňluklaryny boýlaýan däp-dessurlarymyza hormaty artdyrýar. Her güni buýsandyryjy ösüşlere beslenýän ýurdumyzda geçirilýän dabaralaryň halkymyzyň milli ruhuna, toýlaryna kybap geçirilmegi buýsandyrýar.

Pederlerimiziň: «Dost-dostuň aýnasy» diýip, belleýşi ýaly mähribanlyga, söýgä ýugrulan ýakyn gatnaşyklaryň bar ýerinde alyslary ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsi barha uzaýar.

Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde ýaýbaňlandyrylan «ALTYN GARAGÖZ» atly halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň ajaýyp çykyşlarynyň baýrakly orna mynasyp bolmagy, halklar arasyndaky dostana gatnaşyklaryň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýene bir mertebe şöhlelenmesidir.

–– Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrýan beýik işleri medeniýet we sungat adamlaryny täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Biz sungat işgärleriniň biri-birimiz bilen ýakyndan tanyşmagymyza, sungatyň müňde bir öwüşginli ýollaryndan söhbet alyşmagymyza giň ýol açýan şular ýaly bäsleşiklere gatnaşyp, çykyş etmegimize mümkinçilik berýän hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk, halkymyzyň eşretli ýaşamagy üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw edýärin — diýip, «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maýsa Eminowa gürrüňini ýürek arzuwlary bilen tamamlady.