DOSTLUK DARAGTY GÜLLEÝÄR

Şan-şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Diýarymyzyň  dünýäniň we sebitiň ähli döwletleri bilen arasyndaky dostana hyzmatdaşlygyň has-da berkemegi milli Liderimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň has-da pajarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan gözbaş alýan bu ýörelge bütin dünýäde dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Daşary döwletlerde yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan Türkmenistanyň hem-de ýurdumyzda uludan dabaralanýan dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri, birek-biregiň ajaýyplyklary, däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary hakynda täsirli söhbet açýar. Halklar arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine, dostana gatnaşyklaryň berkemegine itergi berýän halkara ähmiýetli şeýle medeni çäreleriň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, nurana geljegimizi gülletjek ýaş nesliň hem dünýä döwletleriniň medeniýetiniň, sungatynyň şu günu bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem türkmen-gazak dostana gatnaşyklarynyň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýene bir mertebe şöhlelenmesidir.

Aýratyn mana eýe bolan Medeniýet günleriniň paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde geçirilen ýapylyş dabarasynda gazagystanly hem-de ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, türkmen-gazak dostluk daragtynyň geljekde çuň kök urup pür-pudak ýaýratjakdygynyň beýany boldy.

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän parahatçylygyň, döredijiligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki dostlukly ýurduň halklarynyň medeni durmuşynda täze sahypany açdy hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ümzüginiň has-da öňe ilerleýändigini alamatlandyrdy.