DÖREDIJILIK SÖHBETI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen çärede Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada döredijilik söhbeti guraldy. Bu çärä ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary we ýazyjylary, syýasy synçylar, aýdymçylar, muzeý hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde guralan kitap sergisinde Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly eserleri, mähriban Arkadagymyzyň Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty, ýurdumyzyň barha rowaçlanýan hoşniýetli daşary syýasy gatnaşyklary baradaky kitaplary, okyjylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýan syýasy neşirler köpçülikleýin sergilendi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanmagy, diýarymyzda bu çäräniň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilip geçilmeginiň mazmuny dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasan-da, ýaş nesiller üçin terbiýeberijilik ähmiýeti, olarda Bitarap ýurdumyza bolan söýgini we buýsanjy artdyrmakdaky ugurlary barada durlup geçildi.