DÖREDIJILIK AGŞAMY

Golaýda Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş kompozitor Selbi Nyýazowanyň eserlerinden düzlen “Seniň adyňda…” atly döredijilik agşamy geçirildi. Aýdym-sazly dabarada Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýew, konserwatoriýanyň mugallymlary Aýna Seýitkulyýewa, Bahar Durdyýewa, Bahram Dolyýew şeýle-de talyplar Aýbölek Muhyýewa, Döwran Şammyýew hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Begenç Moşşyýew hem-de konserwatoriýanyň kamera orkestri çykyş etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has hem rowaçlanýar. Ýaş zenan kompozitor Selbi Nyýazowa hem özüniň hünär mugallymy professor Rejep Allaýarowyň ýoluny dowam etdirýär we bu ugurdan talyplara bilim berýär. Konsertde ýaňlanan skripka, klarnet we fortepiano üçin “Trio”, Skripka hem-de fortepiano üçin sonata, “Gije”, “Saňa” ýaly eserler Selbiniň halypasyndan alan täsirlerini inçelik bilen ýüze çykarýar.

Her bir ýerine ýetirilen eser diňleýjiler köpçüligi tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy alnyp, uly gyzyklanma bilen diňlenildi.