DESSANA ÖWRÜLEN ROWAÝAT

Ýakynda Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjowyň çykyş etmeginde dabaraly konsert geçirildi. Oňa professor-mugallymlardyr, talyplar hem-de Paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdy. Konserti Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow alyp baryp, dabaranyň dowamynda dessandaky wakalary gürrüň berip, birnäçe goşgy setirlerini okady.

“Aýna” dessany barada gysgaça aýtsak, ol 1860 – 70-nji ýyllarda Ahal sebitlerinde bolan wakany beýan edýän adybir rowaýaty esasynda ýazylandyr. Rowaýat Aýna atly gyzyň hem-de Atanepes atly oglanyň halaşyp öz maksat myratlaryna ýetmek üçin başyndan geçiren wakalary esasynda dörändir. Durdymyrat (Umytguly) bagşy bolsa, şol rowaýaty düýpli öwrenip, hem mazaly işläp, “Aýnam, Arkaç galdy” diýen saz esasynda “Aýna” atly dessany ýazyp, il içinde aýdyp ýaýradypdyr. Bu dessan yşky-liriki mazmunly bolup, birnäçe aýdymlary-sazlary öz içine alýandyr.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow hem öz halypasy Durdymyrat bagşydan bu dessany öwrenip, kämilleşdiripdir. Konsertde ol öz sazandalary Suhanberdi Begenjow we Söhbet Annamyradow bilen bilelikde dessandan birnäçe parçalary ýerine ýetirdiler. Olardan “Galdy Arkaç Aýnam”, “Nirä baraly Aýnam, indi”, “Aýnam munda”, “Galar boldym”, “Senden aýryldym”, “Geçdi bil”, “Ahal bilen Aýnamy”, “Tapa bilmen Aýnamy”, “Görermikäm Aýnam indi”, “Aýnam derdiňden”, “Ýara gowuşdym” ýaly  aýdymlary mysal getirmek bolar. Konsertdäki ýerine ýetirilen aýdymlar, okalan goşgy setirleri tomaşaçylarda diýseň uly täsir galdyryp, uly şowhun bilen garşylandy.