DAŇDANAKAN GALASY

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Daňdanakan galasynda 2018-nji ýylda gazuw-barlag işleri üstünlikli alnyp baryldy. Şol geçirilen işleriň netijesinde  galanyň günorta-gündogar diwaryna sepleşýän dürli ölçegdäki 10-dan gowrak otagyň we hojalyk maksatly howlynyň galyndylarynyň üsti açyldy. Ylmy-öwreniş işleriniň dowamynda medeni gatlaklar seljerilip, esasy gurluşyk döwürleriniň dördüsi ýüze çykaryldy. Diwarlar bişen we çig kerpiçlerden gurlupdyr. Gazuw I-iň meýdany – 316,8 m2. Medeni gatlaklaryň galyňlygy – 1,85 – 2,35 м.

Gazuw-barlag işleri Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

Esasy tapyndylar: syrçaly hem-de syrçasyz keramikanyň, metaldan we aýnadan ýasalan önümleriň  bölekleri; degirmen daşy; demirden ýasalan keser.