ÇAGALAR ÇEPERÇILIK WE SUNGAT MEKDEPLERINDE OKUW-TERBIÝEÇILIK IŞLERI

2019-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kiçi mejlisler zalynda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek maksady bilen okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň ýolbaşçylary, bölüm müdirleri we ýerlerdäki çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleriniň direktorlary we olaryň orunbasarlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerini dolandyrmak, okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy, olarda geljekki bagşy-sazandalara, aýdymçy-tansçylara, suratkeş-nakgaşlara başlangyç bilimiň berlişi, hünär taýýarlygy, aýratynlyklary, halypa-şägirtlik işleriniň guralyşy, aýdym-saz sungatynda, suratkeşlikde  gazanylanlar, bu mekdeplerde bilim-terbiýe berilýän çagalaryň arasynda güýçlüleriň orta çykarylyşy, olaryň welaýat, döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boluşlary, gowy okaýanlaryň höweslendirilişi we beýlekiler, gadymyýetden gözbaş alýan oguznamaçylyk, boý boýlamak, ozançylyk, aýdyjylyk ýollary, dessançylyk, tirmeçilik, ýanamaçylyk däpleri, olaryň ýaş nesle ýetirilişi, öwredilişi, dessançylyk, ýanamaçylyk, tirmeçilik däpleriniň ýaşlaryň arasynda ösdürilişi we beýlekiler barada durup geçdiler. Dutar, gyjak, tüýdük, gopuz, şeýle-de ýewropa saz gurallary, olarda çaz çalmagyň, ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary hakynda özara pikir alşyldy.

Milli medeni ösüşiň hukuk binýady, hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa…», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly gyzyldan gymmatly, aýdym-saz mugallymlary üçin nusgalyk kitaplaryndan ýerlikli peýdalanmagyň, olardan okuw-terbiýeçilik işlerinde gollanmagyň ýollary dogrusynda çykyşlarda giňişleýin beýan edildi.

 

                                                                                                                    «Medeniýet»