BÜRÜNÇ ASYRYNA DEGIŞLI TÄZE ÝADYGÄRLIK

2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň başynda Milli müdirligiň arheologlarynyň gatmaşmagynda, Nusaý hem-de Abiwerd goraghanalarynyň hünärmenlerinden düzülen topar Kaka etrabynyň Gowşut demirýol menzilinden Gozgangala obasyna çenli çäklerde saklanan gadymy ýadygärlikleri has düýpli öwrenmek üçin goşmaça arheologik gözleg işlerini geçirdi. Işleriň dowamynda ozal sanawda durýan ýadygärlikleriň gorag zolagynyň dürs berjaý edilişine-de ýörite gözegçilik edildi. Ýanwar aýynyň maýyl günleriniň birinde säher bilen başlanan ylmy-gözleg, seljerme işleri uly şowlulyga beslendi. Kesewilibaba kümmetiniň günbatar tarapyndaky ekerançylyk meýdanlarynyň aralaryndaky boş ýerler barlanylanda  ozal mälim bolmadyk, täze ýadygärligiň üsti açyldy. Ol Gowşut demirýol menzilinden 5,3 km günortada, Gowşut-Gozgangala awtomobil ýolundan 1,8 km günbatarda ýerleşýär. Ýadygärligiň ýeriň ýüzüne çykyp duran bölegi günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara süýnmegiräk, uzynlyk ölçegleri 44×58 m, daşynyň aýlawy 164 m, eňňitleri ýaýbaň kiçiräk depe görnüşinde saklanypdyr. Onuň üstüniň meýdany gündogardan günbatara tarap biraz ýapgytlap peselýär. Häzirki wagtda Milli müdirligiň hünärmenleri täze ýüze çykarylan arheologik ýadygärligi Döwlet sanawyna girizmek we onuň gorag zolagyny kesgitlemek boýunça resminamalary taýýarlamaga girişdiler.