BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORMY TÄZE NEŞIRIŇ SAHYPALARYNDA

         “Hazar” türkmen- astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çapdan çykdy. Ol türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan Şäheri) goldaw bermeginde Astrahan oblastynyň administrasiýasy bilen bilelikde neşir edildi.

Täze neşiriň sahypalarynda Hazarda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11 – 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy.

Forumyň gün tertibi barada aýdylanda bolsa, ol Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça meseleleriň ençemesini öz içine alar. Garaşylyşy ýaly, forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlaryna we beýleki pudaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada söhbetdeşlikler geçiriler. Munuň özi ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar.