“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETI: HÄZIRKI WE GELJEKKI ÖSÜŞI” ATLY HALKARA MASLAHATY

“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şu ýylyň 6–7-nji dekabry aralygynda geçirilýän “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahaty hem Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmäge, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny uludyr. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň parasat-pähimi bilen halklar arasyndaky medeniýetara gatnaşyklary döreden, söwda dolanyşygy arkaly halklary biri-birine ýakynlaşdyran bu ýoluň täze keşbi – Türkmenistanda köpugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasy kemala geldi. Bu bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap ýollar bilen täzeden janlanmagyna badalga berdi. Ol ýol doganlygyň, dostlugyň, ruhubirligiň ýoly bolup, ynsanlaryň doganlyk köprüsini emele getirdi.

Mähriban Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmaga, ylmy esasda öwrenmäge we gorap saklamaga uly ähmiýet berilýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän  “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi”  atly halkara maslahaty hem bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze badalga berer.