BEÝIK ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARA

Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurdymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, erkinligini we azatlygyny goramak ugrunda uly mertlik görkezen merdana ata – babalarymyzy sarpalamak babatda öňde goýýan wezipeleri, durmuşa geçirýän anyk işleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldedir.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymançylyk görkezip, mertlerçe wepat bolanlary, şeýle-de häzir aramyzda ýaş nesillere görelde bolup, wagyz-ündew edip ýören uruş weteranlarymyzy sarpalamak bu işleriň wajyp bölegidir.

Türkmen milli konserwatoriýasynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň talyplary tarapyndan Ýeňiş günine bagyşlanylyp taýýarlanylan dabaraly konsert geçirildi. Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda watançylyk we dürli temalara bagyşlanan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.