HOŞ GELDIŇ, «HAZAR-2019»

Bagtyýarlyga beslenen her güni toý-baýramlara ulaşýan ýurdumyzda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan halkara maslahatlardyr sergiler, sungat baýramçylyklary, medeniýet günleri, kino hepdelikleri, şeýle hem bilelikdäki konsertler dostana halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine aýdyň ýol açýar. Şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hem Hazarýaka döwletlerini ykdysady babatda täze ösüşlere, gülleýişlere ugrukdyryp, parahatçylygy we ýakyn gatnaşyklary, dost-doganlygy berkarar eder. Şeýle hem ilkinji gezek ýaýbaňlandyrylan birinji Hazar ykdysady forumy ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň has-da gülläp ösmegine mümkinçilik döredip, birek-biregiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň berkemegine oňyn täsirini ýetirjek sebit we dünýä ähmiýetli  syýasy-ykdysady çäreleriň biri hökmünde türkmeniň täze taryhynda öz mynasyp ornuny tapar. Munuň üçin asuda ýurdumyzyň agzybir halkynyň Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyşlarynyň çägi ýok.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gojaman Hazaryň türkmen kenaryny bu günki günde görmäge göz, tarypyny ýetirmäge söz gerek. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berlen medeni-durmuş maksatly binalar bolsa, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.