BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda zähmet çekip, ýaşlara görelde bolup gelýän ýaşuly weteranlary döwlet tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen gutladylar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilim berýän, zähmet  tejribesini geljekki nesillere geçirýän weteranlara uly hormat goýýar. Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky  Türkmen  Döwlet  Ýörite  çeperçilik mekdebinde köp ýyllaryň dowamynda ýaş suratkeşlere bu sungatyň inçe  tilsimlerini öwredýän halypa mugallymlar  Annamuhammet Mergenow, Annadursun Ýomudowa, heýkeltaraş Saragt Babaýew, Amanmuhammet Hydyrow, Gözel Hudaýberdiýewa, Muhammet Goçmyradow, Meretmuhammet Baýramow, Jumagül Gurbanowa ýaly göreldeli halypalar sylaglara mynasyp boldular. Türkmen Döwlet Ýörite çeperçilik  mekdebiniň ähli mugallymlary we talyp ýaşlary  çykyş edip, halypa mugallymlary gyzgyn gutladylar.