BAKY ROWAÇ WATANYM

“Türkmenistan–rowaçlygyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde, täze ýylyň ady bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda edebi söhbetdeşlik geçirilip, oňa bagyşlanan neşir önümleriniň sergisi guraldy. Çuň many-mazmuna baý bolan bu dabara ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçy hünärmenler, talyplar gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ýyla badalga alan baky rowaç Watanymyzyň milli medeniýet ulgamyndaky ösüşleri, durmuşa ornaşdyrylýan döwrebap özgertmeler, kitaphana işini kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda öz pikirlerini beýan etdiler.

Dabarada Türkmenistanyň halk ýazyjysy D.Annamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri H.Geldiýew dagy Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlyklara beslenen täze ösüşleri baradaky şygyrlaryny okadylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň “Abiwerd” taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri A.Halmyradow dabara gatnaşyjylar üçin türkmen halkymyzyň milli medeniýetiniň, taryhy ýadygärliklerimiziň ähmiýeti barada gyzykly çykyşyny hödürledi.

Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň at-abraýynyň barha giňelmegini, halkara hyzmatdaşlygyndaky ýola goýlan kämil ösüşleriniň ýokary derejelere galmagyny alamatlandyran nobatdaky bu çäre oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.