BAHAR BAÝRAMÇYLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI

Zemine bahar paslynyň gadam basmagy bilen ýurdumyzda dürli baýramçylyklar, çäreler giňden ýaýbaňlanýar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde   ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň «Zenan kalbynyň joşguny» atly baýramçylyk sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda açylan «Zenan kalbynyň joşguny» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik  eserleriniň sergi-bäsleşigi özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Sergide  ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň 80-siniň eserleri görkezildi. Sergä hödürlenilen eserlerden 10-sy bäsleşigiň baş baýragyna, 25-si höweslendiriji baýraklara,  15-si hem  Hormat hatlara mynasyp boldular.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň arasynda  O. Mämmedowanyň “Oguz han we ogullary”, S.Muhammedowanyň “Üç gözel”, T.Sähedowanyň “Seniň üçin”, G.Rozykulowanyň “Milli nagyşlar”, Ş.Mämmedowanyň “Rowaçlygyň bahar keşdeleri” ýaly eserleri bu ýere  gelýänleriň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Baýramçylyk sergisine gatnaşyjylar milli sungatymyzy ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.