AÝDYM-SAZLAR ÝAŇLANAR

2019-njy ýylyň 25-30-njy marty aralygynda Aşgabat, Daşoguz, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Mariachi Champaňa Nevin» atly aýdym-saz toparynyň konsertleri geçiriler. Sekiz adamdan düzülen  «Mariachi Champaňa Nevin» atly aýdym-saz topary «mariachi» görnüşini ýerine ýetirmekde dünýäde belli toparlaryň biri bolup durýar. Ýaňy ýakynda «Mariachi Champaňa Nevin» topary özüniň täze bäşinji albomyny çykardy. Bu albom meksikan we amerikan aýdymlaryny, şeýle hem P.I.Çaýkowskiniň «Şelkunçik», I.Pahelbeliň  «Kanon» ýaly nusgawy sazlaryny öz içine alýar.

Bu ansambl öz eserlerinde halkara saz sungatynyň we amerikan medeniýetiniň dürli öwüşgünlerini açyp görkezýärler. Kompozitor we sazanda Jeffri Newiniň ýolbaşçylygynda topar ABŞ-da Meksikada, Russiýa Federasiýasynda, Gazagystan we Koreýa Respublikalarynda konsertler bilen üstünlikli çykyş etdi. ABŞ-nyň aýdym-saz topary Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Türkmenbaşynyň Medeni-sport toplumynda, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem-de paýtagtymyzyň «Watan» kinokonsert merkezinde «Aşgabat» döredijilik topary bilen bilelikdäki konsertleri bilen çykyş eder. Şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary we okuwçylary bilen ussatlyk sapaklary geçiriler.