AÝDYM-SAZ ÄLEMINDÄKI ÜSTÜNLIK

Belent mertebeli Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň döwrebap bilim almaklary, sungat we çeperçilik ugurlary boýunça kämilleşmekleri babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň zehinli okuwçylarynyň ençemesi daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, diplomdyr hormat hatlaryna eýe bolup gelýärler.

2019-njy ýylda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen 11-nji Halkara mugam festiwalyna 8 döwletden 15 sany çaga gatnaşdy. Bu Halkara mugam bäsleşigine ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Merjen Amandurdyýewa hem gatnaşyp, 2-nji orna we bäsleşigiň Hormat hatyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň çykaran netijelerine görä, baş baýraga Eýran Yslam Respublikasy, 1-nji ýere Türkiýe Respublikasy we Müsür Arap Respublikasy, 2-nji ýere Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy,
3-nji ýere Gyrgyzystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy eýe boldular.