ALEKO

Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny ylmy taýdan has düýpli öwrenmek we oňa hemmetaraplaýyn baha bermek örän zerurdyr. Munuň özi türkmen medeniýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine oňyn täsir eder” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, aýdym-saz sungatyndan bilim alýan talyp ýaşlar türkmen we daşary ýurt kompozirorlarynyň döredijiligini, professional sazlaryny öwrenýärler. Mähriban Arkadagymyz hut özüniň atalyk aladasy bilen türkmen opera sungatyny täzeden dikeldip berdi. Bu bolsa aýdym-saz sungatyny öwrenijiler üçin türkmen operasy bilen bir hatarda dünýä opera sungatyna hem içgin aralaşmaga uly mümkinçilikleri berdi.

Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaňy-ýakynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň sungat ussatlary belli rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň “Aleko” operasyny ýerine ýetirdiler. Zehinli talyp Guwanç Saparalyýewiň dirižýorlyk etmeginde talyplar simfoniki orkestri, kiçi hor topary we solistler, şeýle hem konserwatoriýanyň mugallymlary Aman Amanow, Bibijemal Amanowa, Begenç Gaýypow we talyplar Kakajan Amansähedow, Jennet Şammedowa dagy çykyş etdiler. Ýokary derejede ýerine ýetirilen “Aleko” eseri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.