AJAÝYP DABARA

Taryhy ähmiýetli ösüş-özgerişlikleriň eýýamy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuşyna täzeçe röwüş çaýylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyz beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň durmuşyndaky her bir üstünlik özüniň gaýtalanmajak gymmaty bilen taryha girýär. Watanymyzyň her bir ýylyny halkymyz parahatçylyk, abadançylyk, uly zähmet ýeňişleri, gazanylan üstünlikleri bilen ugradyp, täze ýyly ýagşy niýet, arzuwlar bilen garşy alýar.

Halkymyzyň islegi, hormatly Prezidentimiziň goldamagy netijesinde täze – 2019-njy ýyl «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany ýyly» diýlip atlandyryldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeniýet we sungat işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi. Onda medeniýet we sungat işgärleri «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly bilen halkymyzy gutlap, Bitarap döwletimiziň ösüşlerine, özgerişlerine bagt gapysyny açan mähriban Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň muzeýe sowgat beren gymmatlyklaryndan düzülen sergi has-da täsirli boldy. Onda Milli Liderimiziň öz agtygy bilen döreden «Arzuw»  atly aýdymynyň türkmen, iňlis we nemes dillerindäki nusgalary has-da ünsi çekýär. Çünki, bu aýdym täze ýylyň – «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň belent senasyna öwrüldi. Bu ajaýyp waka ildeşlerimiziň ruhubelentligini has-da belende göterdi.